- garyp
- [gary:p]1) Her bir zada mätäç adam, ykdysady taýdan hiç hili üpjünçiligi bolmadyk adam.∙ Men-ä garybam bolsam, özümi seniň bilen deňäp biljek däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Garyplar baýlar ýaly däl, olaryň durmuşy agyr hem bosa, özlerini pes tutmaýarlar. (B. Kebabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ol garyp gonşusy bir towuk edinse, şony hem görü- bilmezçilik ederdi.∙ Garybyň göwni synyk sözi döwük; ýetimiň boýny buruk, ýüzi soluk. (Nakyl)∙ Garyp adam ýamanar, ýamanar-da guwanar. (Nakyl)∙ Garybyň it hem ýagy, bit hem. (Nakyl)2) Könelişen söz Çet ýurda düşen mysapyr.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, p sesi b sesine öwrülýär.Meselem garyp - garyby.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.